Senden ne bir habar
Ne-de salam gelmez boldy
Ýada yerim doldymy?
Yollaryňa eken söýgi güllerim
Unudylyp soldumy?
Hany, ykbal bizi, ayyrsada bir gün
Ýüregimiz bir boljakdy?
Ýada ayrylygyň ol ýalan gujaklary
Seni-de uklatdymy?
Heý, heý geçen günler, heý!
Iyip-içenlerimiz aýry gitmezdi, ýadyňa sal
Heý, heý giden günler, heý!
Nädip ol günleri beýle tiz unudaýýaň
Aýda, ýylda bir bolsa-da hökman habar al
Wagtyňdan azajyk ayyrda
"Öldüňmi ýa barmyň?" diýip bir sora
Adymy ýaz ýüregiňe, meni unutma
Bu gün seň ýüzüňe gülüp "dost" diýip yörenleriň
Ertir hem ýanyňda bolarmyka?
Gowy günde ýanyňda, erbet güni yrakda
Içiň yanmazmyka?
Şeýle bolsa gaty gaýym ýapyş öz-özüňe
Öz bileniňden galma
Saňa göwün berip söyeni, seni sylayanlary
Ýadyňdan çykarma hiç hem.